Grin Karta Turkmenistan-2021 wizasy barada maglumat

Her ýylda ABŞ-nyň Grin Kard Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýar. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar. Utujularyň köp göterimi, ABŞ-a immigraziýa az baran ýurtlarda dogulan adamlara berilýär. Utan adamlara, olaryň indiki etmeli ädimleri barada ýörite gözükdirme ulgam arkaly beriler. DW lotereýa barada giňişleýin maglumat berkidilen salgyda elýeterlidir: https://travel.state.gov/content/travel/en/us-visas/immigrate/diversity-visa-program-entry/diversity-visa-submit-entry1.html?wcmmode=disabled.

DW-2023 lotereýasy

DW-2023 meýilnamasyna gatnaşmak isleýanleriň soragnamasy internet arkaly 2021-nji ýylyň oktýabryndan başlap, noýabra çenli kabul edilýär(Seneleri doly belli däl). Gatnaşyjylar soragnamany diňe bir gezek tabşyryp bilerler, bir gezekden köp tabşyrylsa, gatnaşmak hukugyny ýitirýarler. DW-2023 meýilnama barada giňişleýin maglumat aşakda berilen salgyda elýeterlidir: https://travel.state.gov/content/travel/en/us-visas/immigrate/diversity-visa-program-entry/diversity-visa-instructions.html. Iňlis dilinde berilen DW-2022 gözükdirmesi ýeketäk resmi gözükdirmesidir we berkidilen salgyda elýeterlidir: DV-2022 Program Instructions.

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!
Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen görkezilen salgyda tanyşyp bilersiňiz: https://travel.state.gov/content/travel/en/us-visas/visa-information-resources/fraud.html.
DW-2023 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berýäris. Soragnamany doldyrmak aňsat hem tölegsizdir.

DW-2022 lotereýasy

DW-2022 meýilnamasyna gatnaşan raýatlar özüniň utanlygyny barlamak isleýän bolsalar aşakda berilen salgyda elýeterlidir: https://dvprogram.state.gov/

Ответить