Halk Bank raýatlar üçin «Talyp tölegi» hyzmatyny hödürleýär

“Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýurdumyzyň raýatlary üçin hödürlenen “Talyp tölegi” atly täze hyzmaty hödürlenýär.

“Talyp tölegi” hyzmaty näme?

Bu hyzmat arkaly ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynda tölegli esasda okaýan talyplaryň okuw töleglerini internet arkaly amala aşyryp bolýar.

“Talyp tölegi” hyzmatyndan nädip peýdalanyp biler?

Talyplar öz okaýan bilim jaýynyň okuw bölümine ýüz tutup, bank tarapyndan berlen ulgama giriş üçin belgini (“login”) alyp bilerler. Belginiň kömegi bilen “Talyp tölegi” ulgamyna girip, okuw üçin tölegi geçirip bolýar.

Ulgama “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň resmi web saýtynyň üsti bilen ýa-da “Talyp tölegi” atly ykjam (mobil) programma üpjünçiligi arkaly girmek bolar>>.

Hyzmatyň amatly taraplary

  • Banka baryp, nobata durmak zerurlygynyň aradan aýrylmagy
  • Wagtyň tygşytlanmagy
  • Günüň islendik wagtynda, oturan ýeriňden, internete birikdirilen kompýuter ýa-da ykjam enjamyndan gije-gündiziň dowamynda “onlaýn” usulda tölegi amala aşyrmak mümkinçiliginiň bolmagy
  • Tölegi bölekleýin geçirmek mümkinçiliginiň bolmagy
  • Töleg geçirilende komissiýa tölegleriniň ýokdugy

Ответить