Söýgi hakda goşgylar we wakalar
Jogapsyz soygi
Jogapsyz söýgi Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni Seň bilen durmuşym örän hezildi Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni Joşan göwnim gam kölinde ezildi Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni Kalbymyň törinde diňe sen bardyň Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly Ömir ýollaryma saçýan bir nurdyň Şanyňa ençeme goşgy ýazardym Galam ,kagyz meniň hemram bolardy Elmydama seni ýatlap gezerdim Seň suratyň meniň gümram bolardy Ýadymda henizem şol geçen günler Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy Şonda-da jogaby bilmedik çözläp Soňra biz öýmizden daşary çykyp Şol mysaly berdik agam Tirkişe Agam pikirlenmän jogabyn aýtdy Beýle zehin berilmeýär her kişä * * Ýadymda henizem şol geçen günler Remezan aýynyň ikinji güni Size oýnamana men ejem bilen Barypdym,ýenede göripdim seni Şol gün seniň bilen goňşy golama Ýarmezan aýdyp aýlanardyk biz Bolsakda biz bäş-on sany bir topar Başga çagalardan saýlanardyk biz Şol gün sen owadan gaty ses bilen Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň Men bolsa utanyp uýalyp şonda Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym Şonda-da olar meň başym sypalap Süýji-kökelerden paýym bererdi Soň ilkinji söýgim elimden tutup Meni başga gapa alyp barardy * * Ýadymda henizem şol geçen günler Agamyň toýunda göripdim seni Gözel jemalyňy uzakdan synlap Bagtyňa bendiwan edipdiň meni Şol gün elme alyp seň telefonňy Görenimde seniň suratlaryňy Içgin-içgin bakyp seredip çykyp Dörenimde seniň suratlaryňy Gözim düşdi bir nätanyş oglana Köşge şol suraty görmesedim hiç Şol gün çyn söýgimi aýtjakdym saňa Indi bary giç Klasdaşlaň bilen uçurym güni Durdyň sen bir ýigdiň elinden tutup Ýüregimde gaýnap joşan bu söýgim Indi ýüregimde galypdy ýatyp Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok Müň dürli syr bardy gara göziňde Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok Günä özimde Men saňa söýgimi aýdyp bilmedim Seni söýüp guwanardym daşyňdan Goý meniňki ýaly jogapsyz söýgi Geçmäwersin hiç adamyň başyndan Gerçeknazar Amannazarow |