Salgytlar görnüşleri we Salgyt bu näme?

SALGYT BU — SALGYT ULGAMY DURMUŞ YKDYSADY ÖSÜŞIŇ GURALYDYR

Bazar gatnaşyklarynyň kämil derejesine ýetmek maksady bilen ykdysadyýetde geçirilýän düýpli özgertmeleri ýokary hünärli hünärmentsiz amala aşyrmak mümkin däl. Bazar ykdysadyýetiniň kämil düzümlerini gurmak üçin, çuňňur we köptaraplaýyn bilimli, öz hünäri boýunça ýokary hünärmenlik derejesi bolan we başarjaň işgärler zerurdyr. Işiň inçe we çygry bolup durýan salgytçy diýlip, atlandyrylýan hünärmene has uly talaplar bildirilýär. Işde üstünlik gazmak üçin, salgyt edarasynyň işgäri öz hünärini halamalydyr, ýokary guramaçylyk derejesi we adatdan daşary çözgütleri kabul etmäge ukyply bolmalydyr. Bu çözgütleri tutanýerli we yzygiderli durmuşa ornaşdyrmalydyr. Işleriň salgyt çygry üçin başarjaň we döredijilikli pikirlenmäni başarýan hünärmenleri  taýýarlamakda “Salgytlar we salgyt salmagyň nazaryýeti” dersiniň öwrenilmegine uly ähmiýeti berilýär. Salgyt we salgyt almak ykdysady kategoriýalaryň ykdysady tebigatyny öwrenmek jemgyýetçilik gatnaşyklarynda olaryň tutýan ornuny saýhallamak, salgyt gatnaşyklaryny çäklerini dürs aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, her bir döwletde salgytlaryň kanuna laýyk hereket etmegi döwletiň ykdysady syýasy we durmuş esaslarynyň bitewiliginden, oňa mahsus bolan önümçilik, gatnaşyklaryndan hereket edýän ykdysady kanunlaryndan hem-de döwletiň berkarar bolmagyndan gelip çykýar. Döwletiň merkezi we ýerli guramalary tarapyndan şahsy we edara görnüşli taraplardan merkezi ýa-da ýerli býujetlere ýygnalýan hökmany töleglere salgyt diýilýär.

Salgytlaryň durmuş-ykdysady mazmuny olaryň jemgyýetde tutýan orny we zerurlygy döwletiň ykdysady we syýasy gurluşy we çözýän meseleleri bilen şertlendirilýär. Salgyt gatnaşyklary öwrenilende deduksiýa we induksiýa usullary giňden ulanylýar. Mysal üçin “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi kanunynyň 100-nji maddasyna laýyklykda goşulan baha üçin salgydyň degişli döwründäki salgyt özeni şol salgyt döwründe geçirilen salgyt salynýan amallaryň ählisiniň jemi hökmünde kesgitlenilýär. Başgaça aýdanyňda, aýry-aýry salgyt salynýan amallardan umumy salgyt özeni takyklanylýar. Bu induksiýa usulydyr. Şol bir wagtda kärhananyň peýdasyndan peýdadan salnan salgyt, emläk üçin salgyt, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt, Aşgabat şäherini ösdürmek gaznasyna tölenilýän tölegler, Türkmenistanyň oba-hojalygyny ösdürmek gaznasyna tölenilýän tölegler tölenilýär. Başgaça aýdanyňda umumy netijeden hususy netije çykarylýar. Bu deduksiýa usulydyr. Döwlet monopolistik şertlerinde döwletiň ykdysadyýetde tutýan ornunyň ýaýbaňlanmagy we ýygnalýan salgytlaryň möçberiniň artmagy salgytlaryň kadalaşdyryş wezipesini has hem güýçlendirýär.

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny şu aşakdakylar bilen talyşyp bilersiňiz:

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy

2. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny (08.09.2020)

3. Uglewodorod serişdeleri hakynda Türkmenistanyň kanuny

4. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda (rejelenen görnüşi)

5. Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň kanuny

6. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda Türkmenistanyň kanuny

7. Telekeçilik işi hakynda Türkmenistanyň kanuny

8. Türkmenistanyň býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny

9. Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny

10. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny

11. Türkmenistanyň zähmet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny

12. Eýeçilik hakynda Türkmenistanyň kanuny

13. Erkin ykdysady zolaklar hakynda Türkmenistanyň kanuny

14. Salgytlar hakynda-Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň I bölegi bilen bellenilen salgyt beýannamalarynyň we beýleki resminamalaryň görnüşlerini ulanmak boýunça Usuly görkezmeler, 23.03.2011

15. Salgytlar hakynda -Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň II bölegi bilen bellenilen salgyt beýannamalarynyň we beýleki resminamalaryň görnüşlerini ulanmak boýunça Usuly görkezmeler, 25.03.2011

16. Salgyt töleýjiler hökmünde şahsy taraplary we edara görnüşli taraplary hasaba goýmak hakynda usuly görkezmeleri tassyklamak hakynda

17. Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy hakynda

Ответить