Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy
Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy halkara mugallymlara öz dersleri boýunça tejribe toplamak, mugallymçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmak we ABŞ barada bilimlerini artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýän 2022-nji ýyl üçin Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy üçin açyk bäsleşlik yglan edýär. Gatnaşýanlar 2022-nji ýylyň ýanwar ýa-da sentýabr aýyndan başlap alty hepdelik maksatnama üçin ABŞ-a syýahat ederler.
Meýilnama şu aşakdakylar bilen üpjün edýär we doly maliýeleşdirýär:
- J-1 görnüşli wiza goldawy;
- Gatnaşyjynyň ýaşaýan şäherinden ABŞ-a we onuň içindäki ýol harajatlary (maksatnama gatnaşmak üçin);
- Waşington şäherindäki tanyşdyryş maslahaty;
- Okuw maksatnamasy üçin tölegler;
- Ýaşaýyş jaýy (köplenç beýleki gatnaşyjy bilen paýlaşylýar) we iýmit bilen bagly çykdaýjylar;
- Betbagtçylyk we syrkawlama ýagdaýlary öz içine alýan lukmançylyk ätiýaçlandyrylşy;
- Tejribe geçýän mekdebe çenli ulag çykdaýjylary;
- Akademik maksatnamanyň dowamynda iýmit we garaşylmadyk çykdaýjylar üçin gündelik pul serişdeleri;
- Kitap / hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin pul serişdesi;
- Maksatnamanyň dowamynda gidiş-geliş ýol boýunça gatnaşyjylaryň ýany bilen alyp barýan goşlaryna (bagaža) tölenýän tölegler üçin pul serişdeleri;
- Waşington şäherinde geçiriljek jemleýji maslahat;
Meýilnama kimler gatnaşyp bilerler:
- Dalaşgärler azyndan 5 ýyl iş tejribeli (doly iş güni), orta mekdeplerde ýa-da bilim merkezlerinde iňlis dili, matematika, tebigy ylymlar ýa-da jemgyýetçilik bilimleri dersleri boýunça mugallymlar bolmaly.
- 12-18 ýaş aralygyndaky okuwçylary okatmak; goşmaça synp derejelerini okatmaga jogapkär mugallymlar orta ýa-da uly ýaşly mekdep okuwçylaryna iş wagtynyň 50% -den gowragyny sarp eden bolmaly.
- Maksatnamadan soň bäş ýyllap mugallymçylygy dowam etdirmegi meýilleşdirýän mugallymlar.
- Meýilnama arza beren wagtynda ýaşaýan ýurtlarynyň raýaty bolmaly.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
- Ýokary bilim (uniwersiteti tamamlandygy) barada diplom ýa-da şonuň bilen deň derejeli resminama
- Iň azyndan bäş ýyl mugallymçylyk tejribesi
- TOEFL synagy boýunça zyndan 450 bal (synag meýilnamanyň çäginde hödürlener)
Anketalar
2022 Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy üçin anketalar 2021-nji ýylyň 1-nji maýy, sagat 23:59-a çenli kabul edilýär.
Çeşme: USAID-Turkmenisan