MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2021/2022-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky hünärleri boýunça talyplyga kabul edýändigini bildirýär:
Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri):
- Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
- Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).
- Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglu mat ulgamlary we tehnologiýalary).
- Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
- Himiýa (hünär: himiýa).
- Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).
- Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
- Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa).
- Filosofiýa we etika (hünär: filosofiýa).
- Ylahyýet (hünär: ylahyýet).
- Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
- Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebi ýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
- Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).
- Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri):
- Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
- Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).
- Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglu mat ulgamlary we tehnologiýalary).
- Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
- Himiýa (hünär: himiýa).
- Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
- Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
- Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
- Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; rus dili we edebiýaty).
- Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).
Tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:
- Matematika we mehanika (taýýarlygyň ugry: amaly matematika we informatika).
- Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ug ry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýada orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýada orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäs leşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başgada, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokar da görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgala ryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigit ler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peý dalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin da laşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri we taýýarlygyň ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
fizika; radiofizika we elektronika hünärleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
geografiýa; ekologiýa hünärleri — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
kartografiýa; meteorologiýa hünärleri — geografiýa, ma tematika, Türkmenistanyň taryhy;
psihologiýa hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika hünärleri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty hünärleri — saýlap alan hünär dili ýada iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
italýan dili we edebiýaty hünäri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
rus dili we edebiýaty hünäri — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hukuk öwreniş hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esas syz sebäplere görä gelip bilmedikler ýada dersleriň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar (mugallym çylyk hünärlerine);
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;
— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hemde şol eda ralaryň döwlet we welaýat dereje-sindäkilerinden hödürnamasy bolanlar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.
Okuw igzaminlary nirede geçirilyar uniwersitetin ozindemi yada welayat merkezlerinde
Salam entak doly beli dal su ayyn ahyrynda belisi bor
sul belga jan edip maglumat alp bilersiniz Tel.: 94-69-90, 94-54-29.
Synaglar nirede gechirilyar uniwersitetin ozindemi yada welayat merkezlerinde gecirilyarmi haysh shoni aydin
Salam! Giriş synaglar haçanka?