Ahal welaýatynyň ýolbaşçylarynyň wezipelerinde üýtgeşmeler boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň ýolbaşçylarynyň wezipelerine käbir üýtgeşmeleri girizdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, H.Aşyrmyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine R.Hojagulyýew bellenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, H.Hojageldiýew özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, H.Aşyrmyradow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ответить