Italiýaly bir daýhan dünýädäki iň uly kädi ösdürip ýetişdirdi.

Italiýaly ullakan kädi ösdürip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Toskana şäherindäki Chianti kommunasyndaky Radda şäherinden Stefano Kutrupi 2008-nji ýyldan bäri ullakan kädi ösdürip ýetişdirýär. Şeýle-de bolsa, 1226 kilograma barabar bu gök önüm ähli rekordlary täzeledi.
Deňeşdirmek üçin bu kädiniň agramy Nissan Micra-dan has köp. Daýhan adaty bolmadyk hasylyny Pisanyň golaýyndaky Peçkoli şäherinde her ýyl geçirilýän kädi festiwalynda hödürledi we şol ýerde birinji ýeri eýeledi. Ikinji we üçünji orny Stefano Kutrupi ösdürip ýetişdiren 978,99 kilogram we 794.51 kilogram agyrlykdaky iki sany kädi eýeledi.

Mir24.tv-iň habaryna görä, öňki dünýä rekordy 2016-njy ýylda 1190,49 kilograma barabar bolan bir kädi ösdürip ýetişdiren Belgiýaly Matthias Willemains tarapyndan saklanypdy.

Çesme:TP

Ответить