Ýer ýüzüniň azyk önümleriniň bahalary 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä bardy

Dünýäde azyk önümleriniň bahalary 2011-nji ýylyň iýul aýyndakysyndan gymmatlap, iň ýokary rekord derejä ýetdi. Sentýabr aýy bilen deňeşdirilende, ösüş 3% boldy, azyk önümleriniň baha indeksiniň ösüşi bassyr üçünji aý dowam edýär diýip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy habar berýär (FAO).

Oktýabr aýynda däneli ekinleriň bahasynyň indeks derejesi 3,2% ýokarlandy. Ösümlik ýaglarynyň baha indeksiniň ösüşiniň 9,6% bolmagy palma, soýa, günebakar we raps ýaglarynyň bahalarynyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr diýip, FAO belleýär. Palma ýagynyň bahasy Malaýziýada önümçiligiň pesligi sebäpli bassyr dördünji aý ýokarlanýar. Ol ýerde migrant işçileri-de ýetmezçilik edýär.

FAO süýdüň bahasynyň ýokarlanmagyny mesgä, gury ýagsyzlandyrylan we gury gaýmagy alynmadyk süýde global islegiň güýçlenmegi we alyjylaryň ätiýaçlyklary artdyrmak islegi bilen düşündirýär. 

Şol bir wagtyň özünde, Hytaý tarapyndan doňuz etiniň satyn alynmagynyň azalmagy sebäpli, etiň bahasy bassyr üçünji aý pese düşýär, indeks 0,7% ýitirdi.

Şekeriň bahasy ýarym ýylyň içinde ilkinji gezek peselip başlady, bu dünýä bazarlarynda çäklendirilen import islegi, Hindistan we Tailand tarapyndan eksport göwrüminiň ýokarlanmagy, şeýle-de Braziliýanyň realynyň ABŞ-nyň dollaryna gatnaşykda walýuta hümmetiniň peselmegi bilen baglanyşyklydyr diýlip, habarda aýdylýar. 

ÇEŞME: vedomosti.ru

Ответить