«Mançester Ýunaýted» Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gitmegine ýol açyp biler

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu “Mançester Ýunaýted” häzirki möwsümiň ahyrynda Çempionlar Ligasyna ýollama almasa, klubdan gidip biler.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, Ronaldu toparyň häzirki ymtylyşyndan nägile bolýar. 36 ýaşly oýunçy karýerasynyň soňky ýyllaryny Ýewropa Ligasynda oýnamaga sarp etmek islemeýär. 

Häzirki wagtda “Mançester Ýunaýted” Angliýanyň Premýer-ligasynyň turnir jedwelinde altynjy orny eýeleýär. Toparyň hasabynda 11 oýunda 17 utuk bar. Ýatlap geçsek, Kriştianu Ronaldu 2021-nji ýylyň 27-nji awgustynda Turiniň “Ýuwentusyndan” gidip, “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy. Ronaldu bu topar üçin 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli hem çykyş edipdi.  Ol karýerasyna Lissabonyň “Sporting” toparynda başlady. 

ÇEŞME: championat.com

Ответить