TÜRKMEN MILLI MANADYŇ DÖREDILMEGINE 29 ÝYL BOLDY

Mundan 29 ýyl ozal, ýagny 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manat dolanyşyga girizildi. Soňra 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Netijede, nominallary 1, 5, 10, 20, 50, 100 manat bolan banknotlar hem-de hümmeti 1, 2, 5, 10, 20, 50 teňňä we 1, 2 manada deň bolan şaýy pullar dolanyşyga goýberildi.

Manat Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde beýleki döwletleriň pullaryny peýdalanmak Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaýyn namalary bilen kadalaşdyrylýar. Türkmenistanyň banklary, şeýle hem beýleki hojalygy ýöredijiler Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kagyz pullaryny we teňňelerini çäklendirmezden kabul etmäge borçludyrlar.

ÇEŞME: SALAMNEWS.TM

Ответить