Elektron poçtany (e-mail) nädip döretmeli

Elektron poçtany nädip açmaly?

Elektron poçta ýa-da “e-mail” – bu adaty poçtanyň elektron görnüşi. Elektron poçtanyň adaty poçtadan ýeke-täk tapawudy – onuň elektron tory arkaly işlemegi. Makalamyzda internet elektron poçtasynyň açylyşynyň ädimleri barada gürrüň bereris. Ilki bilen, elektron poçtanyň mümkinçilikleri barada gysgaça nygtap geçeliň.
Internet elektron poçtasynyň kömegi bilen elektron poçtasy bar bolan adamlara, guramalara, edaralara, kärhanalara elektron hatlar, goşundy faýllar iberip we kabul edip bolýar.

1. Ilki bilen, elektron poçtanyň açyljak web saýtyny (domenini) kesgitlemeli. Elektron poçta açylanda belli bir web saýtdan açylýar. Mysal üçin, iň uly we meşhur poçta hyzmatyny berýän web saýtlar: Gmail, Mail.ru, Rambler.ru.

2. Degişli saýta girip, täze elektron poçtasyny açmak (hasaba almak) diýen düwmä basyň.

3. Sowalnama açylar we ony doldurmagyňyz soralar

4. Sowalnamany dogry tertipde dolduryň. Sowalnamada şahsy maglumatlaryňyz soralar: adyňyz, familiýaňyz, elektron poçta üçin login (poçta goýuljak at) we parolyňyz, doglan senäňiz, ýaşaýan ýeriňiz we ş.m. Şeýle hem, sowalnamalaryň köpüsinde mobil telefon belgiňiz hem soralýar. Eger mobil telefon belgiňizi girizseňiz, elektron poçtaňyzyň parolyny ýitiren wagtyňyzda ony mobil telefonyňyza tassyklaýjy SMS iberilmegi arkaly açyp bolýar. 

5. Sowalnamany dolduranyňyzdan soňra, “taýýar” (OK) düwmesine basyň we netijede elektron poçtaňyz taýýar bolar. Elektron poçtaňyza girip barlap görüň.

Ответить