Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Salgysy: Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40.

Telefon belgiňiz: 39-98-70, 39-98-71.

Web Sahypasy: www.tdbsi.edu.tm

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • sport, bedenterbiýe hünärleri boýunça okuwa girýän dalaşgärler üçin I sport derejesinden pes bolmadyk türgeniň hünär dereje kitapçasy, sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

I.Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
  2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).
  3. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa (sport psihologiýasy)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ответить