Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlyk ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 8
Telefon belgiňiz: 39-13-74, 39-13-70.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- pasportyny;
- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.