Halkara Nowruz baýramy hakynda goşgular.

Nowruz Baýramynyň Taryhy

Nowruz adamzadyň taryhyndadörän ilkinji hem gadymy baýramlaryň biridir.Nowruz baýramy ilkinji gezek ynsanlaryň dünýä ýaýran ýeri bolan Mesopotamiýada sümerler tarapyndan bellenilipdir. Sümerler bu baýramy„Akitil“ diýip atlandyrypdyrlar. „Til“ sümer dilinde ýaşamak we täzeden dogma kdiýen manyny aňladýar. 2010-njy ýylda BMG-etarapyndan Nowruzyň halkara derejesindäki baýram diýlip yglan edilmegi bu baýramyň döreýşi hem bellenilişi baradaky maglumatlaryň içgin öwrenilmegini has-da artdyrdy.

Musulman dünýäsinde Nowruz baýramynyň döreýşi barada birnäçe ynançlar, rowaýatlar bar. Rowaýatlardan çen tutulsa: Nowruz dünýäniň ýaradylan günümiş, ilkinji ynsan-Adam atanyň hamyrynyň ýugrulangünümiş,Ýusup pygamberiň guýydan, Ýunus pygamberiň balygyň garnyndan çykan günümiş, Nowruz Nuhuň tupanyndan soň, suwuň çekilendigini, topragyň gurandygyny şeýle-de, baharyň gelendigini, täze günibuşlangögerçiniň şahajyk getiren günümiş. Başga bir rowaýata görä bolsa, Nowruz Süleýman pygamber bilen bagly. Ol bütin dünýäniň hökmürowanlygyny özünde jemleýän jadyly ýüzügini ýitirenmiş we soltanlygyny elden gidirenmiş. Ýüzük kyrk günden soň tapylyp, ýene-de Süleýman pygambere ähli barlygy bilen yzyna dolanyp gelenmiş. Muny gören parslar: ,,Newruz Amed“ ýagny, „Täze gün geldi“ diýenmişler. Ýa-da Nowruz Jennetden kowulan Adam ata bilen How enäniň eden günäleriniň bagyşlanylyp, Arafat dagynda bir-birine gowşan günümiş. Türki halklardaky ynanja görä, aşyklar magşugyna aýtmak islän sözlerinişol güne goýupdyrlar. Şol gün bir-birine gowuşsalar, olar uzak ýyllap berk hem bagtly maşgala boljakdyklaryna ynanypdyrlar.

Gülleriň mahmalydyr,
Nowruzyň Baharydyr,

Gyz-oglan bir-birini
Seçmeli mahalydyr

diýen monjugatdy setirlerihem bu ynançdan gelip çykan bolsa gerek. Nowruz bilen bagly däp-dessurlarbolan şaman ot ýakmak we otdan bökmek, Äşe-Patmanyň tagamy-semeni bişirmek däbi, suw sepmek däbi barada hem halk arasynda ajaýyp rowaýatlar ýaşaýar.Bular barada dokladymyzda giňişleýin gürrüň berilýär.

Eýsem Nowruz name? bu barada şahyr şeýle diýýär:

 Nowruz diýmek – aýyň, güniň dowamy,
 Nowruz diýmek – täze ýylyň dowamy,
 Nowruz diýmek – täze döwriň dowamy,
 Nowruz diýmek – täze önriň dowamy, 

 Pederleriň tutumlarynyň dowamy, 
 Berkarar döwletiň Bagtyýar zamany,
 Nowruzymyz üstünligiň dowamy,
 Hoşniýetlileriň, arzuwlaryň dowamy,

 Galkynyşyň, özgerişiň dowamy,
 Açyşlaryň, belent işleň dowamy,
 Äleme bagş edip asudalygy,
 Alkyş alyň, köp gazanyň sogaby! 

Däp dessurymyz barada aýdylanda, Nowruzda semeni bişirilýändigini, tagamlaryň dost-ýarlara, goňşylara paýlanýandygyny, her bir tagamyň waspynyň ýetirilýändigini belläp geçeliň. Ine bir folklore toparyň çykyşy. Onda şeýle setirler bar:

Bolsun-u bir gadym palow-dostlara hezzetin kyl,
Lezzeti başga, iýmeseň ýüregiň dagly Pal;ow.
Ýetik bolsun jüýjesi, käşirim ýagy,sogany,
Emma weli bir çeti aşpeze-de bagly palow.

Kändir milli tagam, şypa Tamdyr nanayň gyýagy,
Süýji bolýar bagyr-öýken hem goýunyň süýegi,
Günebirin zyňyp göýbär elindäki taýagy,
Eger agsak iýse biziň kellebaşaýagy.
 
Ilimiziň tagamlary tagamlardan zyýada,
Sanasaň sogaby bar, hemmejesi düşmez ýada,
Iýseň ulag küýsemersiň, gidibersiň piýada,
Tagamyň naýbaşysy bu ajaýyp tamdyrlama.
Galkynýar ilim,
Saýraýar dilim.
Nowruzda parlap,
Açylýar gülim.

Dost-doganlara,
Açyp gujagyn.
Türkmen ýaýlasy,
Ýazar saçagyn.

Arassa asman,
Parahat sähram,
Dost toýun tutýar,
Dünýä dek ýäýlam.


Güýz bilen bahar ara,
Nowruz geldi diýara.
Aşyk küýsäp magşugyny, 
Gül gowşyr söwer ýaryna.
 
Hormat goýup gyzlara,
Meňzäliň pederlermize.
Şatlanalyň, oýnalyň,
Nowruz toýun toýlalyň!
 Nowruzy belläliň,
 Gyş aladalarynyň agramyny taşlalyň!
 Baharyň gelmegi bilen duşuşýarys
 Geliň, bagtly we dostlukly bolalyň!

 Size gyzykly, abadançylyk arzuw edýäris,
 Kalbyňda - oňat ses!
 Ýaz paslynda ýaşaýyş ýer ýüzünde dünýä inýär,
 Goý, dünýä has ýyly we ýagty bolsun!
 Nowruz baýramy geldi
 Ol dünýäni täzeledi.
 Men bu hakda size aýtmaga howlukdym,
 Men sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 Goý, ol siziň durmuşyňyza getirsin
 Maşgalada söýgi, ýylylyk, rahatlyk.
 Diňe täze wakalar
 Ýeňişler, üstünlikler we açyşlar.

Başgada okaň: Halkara Nowruz baýramy dürli ýurtlarda nähili bellenilýär.

2 комментария

Ответить