Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Salgysy:Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40

Telefon belgiňiz:+99312226547

Pocta:tdbsi@sanly.tm

Web adres:www.tdbsi.edu.tm

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I.Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
  2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).
  3. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa (sport psihologiýasy)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • sport, bedenterbiýe hünärleri boýunça okuwa girýän dalaşgärler üçin I sport derejesinden pes bolmadyk türgeniň hünär dereje kitapçasy, sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40; tel.: 39-98-70, 39-98-71.

Ответить