Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty

Salgysy: Aşgabat şäheri, Kopetdag etraby, Türkmenistanyň gahrymany Atamyrat Niýazow köçesi, 135-nji jaý

Telefon belgiňiz: +993 12 405967, +993 12 405968, +993 12 402741.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty okamaga isleg bildiren orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda 2023-2024-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul edýändigini habar berýär.

Harby-deňiz institutynyň kabul ediş topary dalaşgärleriň ýaş derejeleriniň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanýandygyny, şeýle-de institutda okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertlerde kabul edilýändigini habar berýär.

Habarda dalaşgärleriň ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmalydygyny, dalaşgärleriň resminamalarynyň ýerli etrap we şäher wekilliklerinde kabul edilýändigini, dalaşgärleriň okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutmalydygy habar berilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okamaga isleg bildiren, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan, 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça 2023-2024-nji okuw ýylynda okuwa kabul edýändigini habar berýär.

Kabul ediş topary Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlary hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant ýazmak boýunça kabul edilýändigini, şeýle-de giriş synaglarynyň türkmen dilinde geçirilýändigini habar berýär.

Ответить