IPhone 16-a garaşmak gereklimi?

iPhone 16 tehnologiýa dünýäsinde iň köp garaşylýan telefonlaryň biri hökmünde şu ýylyň ahyryna çykar diýlip garaşylýar. Şeýle bolsa-da, iPhone 15 seriýasy çykandan kän wagt geçmänkä, köp tehnologiýa haýranlarda we potensial ulanyjylarda iPhone 16-a garaşmagyň hakykatdanam gereklimi ýa-da gerekli dälmi diýen sorag ýüze çykýar. Ine, bu soraga jogap …

iPhonemi 15 ýa-da iPhone 16my?

Häzirki wagtda köne iPhone ulanýan bolsaňyz ýa-da telefonyňyzyň batareýasynyň ömri peselip başlan bolsa, iPhone 15 seriýasyny saýlamaklyk manyly bolup biler. Hususan-da, adaty iPhone 15 modelleri öňki nesillerden has köp täzelik hödürleýär.

Beýleki tarapdan Pro modeller bolsa, öňki seriýalardan düýpgöter tapawutlanmaýar. IPhone 15 ýa-da iPhone 15 Plus saýlasaňyz, täze dizaýn, has gowy kameralar, USB-C porty, kämilleşdirilen prosessor we batareýanyň ömri has ýokary bolar.

IPhone 16-yň öňe çykýan esasy aýratynlyklary.

IPhone 16 -yň standart modellerinde 60Hz ekranyň täzeleniş tizligine eýe bolar. Şeýle-de bolsa, 120Hz ekran täzeleniş tizliginiň Pro modellerinde dowam eder. Şeýle hem, standart iPhone 16 modelleriniň 2025-nji ýylda ProMotion we Always-On displeý tehnologiýalaryny aljakdygy aýdylýar.

iPhone 16 Pro modellerinde has uly ekranlaryň (6,3 dýuým we 6,9 ​​dýuým) bolmagyna garaşylýar we bu, täze seriýany hasam tapawutlandyrýan aýratynlyklaryň biri bolar. Dizaýn tarapdan seredeňde, iPhone 16 modelleriniň iPhone 15 seriýasyna meňzeş bolmagyna garaşylýar, ýöne has uly ekranlar we täze aýratynlyklar bilen geler.

Bularyň arasynda her iki Pro modeli üçin 5x optiki zoom, 48MP telefon lens, täze A18 Pro çip, has ösdürilen batereý ömri, ýörite AI (artificial intelligence) tehnologiýasy we ýörite Capture düwmesi girer.

AI we USB-C porty

IPhone 16-da “Apple” AI-yň üstünde has köp durar. Apple Music-de has gowy pleýlist döretmek, Siri-ni AI fokusy bilen täzeden dizaýn etmek, özgertmeler üstünde işleýäner üçin Xcode-iň täze wersiýasynda kod tamamlaýjy ýaly aýratynlyklar bolar.

USB-C porty boýunça bola, iPhone 15 Pro modelinde USB 3.0 tehnologiýasy bar, esasy modellerde bolsa USB 2.0 ulanylýar. Bu ýagdaýyň iPhone 16-da üýtgejekdigi ýa-da üýtgemejekdigi belli däl.

Soňky karar siziňki

Netijede, iPhone 16-yň çykmagyna garaşmak, býudjetiňize we ýene alty aý garaşmak isleýändigiňize baglydyr. Eger-de IPhone 15 bilen iPhone 16-yň arasynda saýlamakçy bolsaňyz onda, häzirki zerurlyklaryňyzy we garaşýan täzelikleriňizi göz öňünde tutuň.

IPhone 15 seriýasy derrew ulanyp boljak häzirki täzelikleri hödürlän hem bolsa, iPhone 16 geljege gönükdirilen aýratynlyklary wada berýär. Bu maglumatlar, iPhone 16-yň garaşmaga mynasypdygyny ýa-da mynasyp däldigini anyklamaga kömek edip bilendir diýip umyt edýäris.

Ответить