Çelsi garaşylmadyk ýagdaýda Poçettino bilen ýollaryny aýrylady

APL bizi haýran galdyrmagyny dowam etyär. Möwsümiň tamamlananyna sanlyja günler geçmänka London «Çelsisi» argentinaly hünärmen Maurisio Poçettinony wezipesinden boşatdy. Elbetde, bu habara hiç kim garaşmadyk bolsa gerek. Çünki, Poçettino premýer ligada örän kyn möwsümi geçirendigine garamazdan öwgä mynasyp iş görkezdi.

Topar Ýewropa kuboklaryna gitmäge hukuk gazandy. Ýöne haýsy ligada oýnajakdygy Angliýa kubogynyň final oýnundan soň belli bolar. Häzirki wagtda «aristokratlar» Ýewropanyň konferensiýa ligasynda oýnamaga hukuk gazandylar (möwsümi 6-njy orunda tamamlamak bilen). Ýöne Fa-Cup finalynda Mançester siti ýeňiş gazanan ýagdaýynda, Çelsi Ýewropa ligasyna gitmäge hukuk gazanar. Ýewropa gollanma gazanandygyna garamazdan baş tälimçiniň işinden boşadylmagyna näme sebäp bolduka? Futbol synçylary iki sany esasy meselä üns çekýärler

1. Şikesleriň (trawmalaryň) köp bolmagynda tälimçi günäkär. 2023-2024 möwsümde Çelsiniň oýunçylary 54 gezek trawma aldylar we bu görkeziji boýunça birinjiligi eýeleýärler. Ikinji ýerde Nýukasl (38). Trawmalaryň köp bolmagyna Çelsiniň topar türgenleşikleriniň agyr bolmagy hem täsir ýetiripdir. Toparda dowam eden oýunçy ýetmezçiliginde, topar liderleriniň trawmadadygyna garamazdan Poçettinonyň görkezen işi öwgä mynasyp.

2. Alynan sary we gyzyl kartlar boýunça taryhy antirekord. Bu statistikalar hem tälimçiniň garşysyna. Bir möwsümde 105 sary we 4 gyzyl kart — APL üçin rekord. Bu bolsa toparyň düzgün-tertibinde ýetmezçiligiň köpdüginden habar berýär. Çelsi bu möwsümde öz derwezesine 63 top geçirtdi. Toparyň ýene bir antirekordy. Şeýle hem, topar ýolbaşçylary Poçettinonyň esasy düzüm saýlaýşyndan we oýunçy çalyşmak tertibinden hem nägile. Bir gep bilen aýdanyňda, ýaş talantlardan we güýçli ýyldyzlardan täze düzüm düzen Çelsiniň ýolbaşçylary öz toparyny 6-njy orunda görmäge hiç bir ýagdaýda şat däl. Ýöne, futbol nukdaýnazaryndan seredeniňde Poçettino ýene bir möwsüm Çelsini türgenleşdirmäge doly hukuk gazandy (biziň pikirimizçe).

Şeýlelikde, geçen tomusky transfer möwsüminde rekord derejesindäki bahalarda oýunçylary transfer eden Çelsi indiki möwsümi üçin täze tälimçiniň gözleginde. Häzirlikçe baş tälimçilige dalaşgärleriň arasynda «Sportingdan» Ruben Amorimiň we «Ispwiçi» Premýer Liga dolandyran Kiran Makkenanyň atlary agzalýar. Kimiň Çelsiniň oýunçylaryna tälim berjegi ýakyn wagtlarda belli bolar. Poçettino bilen bolsa eýýäm Ýewropanyň top klublary gyzyklanýar.

Ответить