Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly  kitaby pars diline terjime edilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň birinji jildi pars diline terjime ediler. Bu barada Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Muhammetguly Atagarryýewiň«Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky sanynda neşir edilen  «Ähmiýeti artýan gymmatly kitap» atly makalasynyň mazmunynda habar berilýär.

            «Ähmiýeti artýan gymmatly kitap» atly makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaby öz ýurdumyzda-da, daşary ýurtlarda-da gyzgyn seslenme döretdi. Häzirki wagta çenli bu gymmatly kitabyň 15 jildi okyjylara gowşup, halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

            Ýeri gelenmde aýtsak, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hereket edýär.

            2024-nji ýylyň 2 — 7-nji iýuly günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň birinji jildiniň pars diline terjime edilmegi mynasybetli çäre geçirildi. Bäş günlük bu çäräniň dowamynda Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň Farmasewtika institutynda we Milli ösümlikler institutynda geçirlen «tegelek stoluň» başyndaky maslahatlarda we  halkara ylmy maslahatlarda edilen çykyşlarda, esasan, Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň alymlarynyň bilelikdäki ylmy maslahatlaryny geçirmek hem-de ylmy makalalary çap etmek; bio, nano, himiki tehnologiýalar, halk we ylmy lukmançylykda ulanylýan dermanlyk ösümlikler boýunça bilelikdäki ylmy taslamalary ýerine ýetirmek; ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ösdürmek; şeýle-de iki ýurduň gündelik ylmy neşirlerinde bilelikdäki ylmy makalalary we nutuklary çap etmek ýaly teklipler öňe sürüldi.

Çeşme:https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/155962

Ответить