Gazagystan Merkezi Aziýa sebitinde Yslam maliýe serişdelerini ulanmaklykda öňdebaryjy orny eýeleýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Gazagystan Yslam maliýe serişdelerini ulanmaklykda öňdebaryjy orny eýeleýär. «Anadolu»  agentliginiň habar bermegine görä, sebitdäki ähli yslam maliýe serişdeleriniň 68 göterimi bu ýurda degişlidir.

         Gazagystanyň Maliýe bazaryny kadalaşdyryş we ösüş gullugynyň başlygynyň orunbasary Ylýas Kizatow öz ýurdunda yslam maliýe serişdeleri pudagynyň örän möhüm ösüşine garaşylýandygyny aýtdy. Ol: «Yslam maliýeleşdirmesini ösdürmek üçin nusgawy banklar tarapyndan döredilen yslam maliýe amallaryny amala aşyrmagy we Yslam ösüş bankyny adaty banka öwürmek üçin bir mümkinçilik döretmegi meýilleşdirýäris» – diýip belledi. Şeýle hem Kizatow häzirki wagtda Gazagystanda iki sany yslam bankynyň işleýändigini aýtdy.

         Yslam Ösüş banky institutynyň baş müdiri, doktor Sami Al-Suwaýlim soňky 30 ýylda bütindünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan esasy ykdysady batymlaryna  (krizislerine) ünsi çekdi. Ol: «Bu batymlar (krizisler) bar bolan maliýe ulgamynda çynlakaý meseleleriň we kemçilikleriň bardygyny görkezdi. Şonuň üçin günbatardan gündogara çenli hemme ýerde adamlar alternatiw ýol gözleýärler. Bu, dünýädäki yslam maliýelerine bolan gyzyklanmanyň artmagynyň möhüm sebäplerinden biridir» – diýip belledi.

         Al-Suwaylim yslam maliýeleşdirmesiniň Merkezi Aziýa sebitine goşan goşandyny aýratyn belläp geçmek bilen: «Yslam maliýeleşdirilmeginiň esasy maksatlaryndan biri garyplyga garşy göreşmekdir we hakyky ykdysadyýete hyzmat etmekdir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köp ugurlarda uly çeşmeleri we potensialy, ykdysady mümkinçilikleri bar. Şol sebäpden, yslam maliýeleşdirilmegi sebite öz çeşmelerinden peýdalanmaga, potensialy açmaga we sebitdäki ähli adamlar üçin abadançylyk döretmäge kömek eder diýip ynanýarys» – diýdi.

         Hyzmatdaşlyk maýasy diýlip hem atlandyrylýan yslam maliýe paýy, 2024-nji ýylyň başynda dünýä bazarynda 4 trillion dollara, dünýä bank pudagyndaky işjeňler (aktiwler) 2 göterime ýetdi. Muny Ýewraziýa Ösüş Banky (EDB) tarapyndan çap edilen hasabat hem subut edýär.

         Häzirki wagtda yslam banklary 40-dan gowrak ýurtda işleýär. Yslam maliýe pudagy Pars aýlagynyň we Günorta – Gündogar Aziýa ýurtlarynda, Ýewropada we Demirgazyk Afrikada işjeň ösýär.

         Ýewropada Angliýa dogruçyl maliýeleşdirmekde öňdebaryjydyr. Bu ýerde Yslam bankynyň emläkleri 7,5 milliard dollardyr.

         Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Täjigistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolsa yslam maliýe pudagy ýaňy döreýär. Bu ýurtlarda yslam maliýeleşdirmesiniň paýy 0,2 göterimden 1,5% göterime çenli hasaba alyndy. Ýöne hünärmenler Merkezi Aziýa ýurtlarynda yslam maliýeleşdirmesiniň ösmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we geljekde bu pudagyň ösjekdigini nygtaýarlar.

         Ýewropa Ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ruslan Dalenowyň «Anadolu»  agentliginiň habarçylaryna habar bermegine görä, 2027-nji ýylda bütin dünýädäki yslam maliýe paýynyň 6,7 trillion dollara çenli ýokarlanjakdygyny aýtdy.

Ответить