KOBIA: Şu ýylyň birinji ýarymynda 32 telekeçi Germaniýada okuw kursuny tamamlady

Şu ýylyň birinji ýarymynda 32 telekeçi we menejer halkara tejribesini öwrenmek üçin «Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlyk» maksatnamasynyň çäginde Germaniýada hünär okuwyny geçdi. «Report.az» elektron neşiri bu barada  Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek (KOBIA) agentliginiň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

         Şu ýylyň birinji ýarymynda KOBIA tarapyndan işewürleriň, telekeçilik bilen meşgulanmak isleýänleriň we telekeçilik işine ýaňy başlan telekeçileriň işewürlik ugrundan bilimleri we başarnyklary ele almaklary, häzirki bilimlerini artdyrmaklary babatda 800 töweregi gatnaşyjy üçin 75 okuw geçirildi. Okuwlar, işewürligiň başlangyç esaslaryny, taslamany dolandyrmak, maliýe dolandyryşy, satuw, marketing, sanly başarnyklar, «ýaşyl ykdysadyýet» we beýleki mowzuklary öz içine aldy.

         48 telekeçi we telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän adamlar Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek (KOBIA) agentliginiň wideo okuw platformasyndaky onlaýn okuw wideolaryndan mugt peýdalandylar.

         Satuw kanallaryna girmek, marketing, biznes meýilnamalaşdyrmak, buhgalteriýa we hukuk meseleleri bilen baglanyşykly 208 telekeçä we telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän adamlara 2,293 sagat maslahat hyzmatlary berildi.

         Şu ýylyň birinji ýarymynda KOBIA oba hojalygy, önümçilik, hyzmat we beýleki ugurlarda 152 sany biznes meýilnamasynyň muzdsuz taýýarlanmagyny goldady.

Ответить