«Yandex» kompaniýasy Daşkende öz ofisini açmagy meýilleşdirýär.

«Yandex Özbegistan» kompaniýasy Özbegistanda işini ösdürmek üçin Daşkende ofis açmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Zaman.uz» web neşiri habar berýär.

         Ofis açylandan soň, «Yandex» kompaniýasy  ýaş IT hünärmenlerini taýýarlamak işini ýola goýar. Orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin täze programmirleme mekdeplerini açmagy meýilleşdirýär.

         Şeýle hem, «Yandex» kompaniýasy IT telekeçiligine gyzlary çekmek üçin «Technovation Girls» programmasyna goldaw bermegi dowam etdirmegi maksat edinýär.

Ответить