IPhone 16 ykjam telefonlarynyň dürli göwrümli dört modeli satuwa çykarylar

IPhone 16 ykjam telefonlarynyň dürli göwrümli dört modeliniň suratlary X sosial ulgamynda peýda boldy. Täze önümleriň displeý diagonallary baradaky maglumatlar hem suratlara görkezilýär.

         Bu ýyl iPhone janköýerlerine dürli göwrümli dört model hödürlenjekdigi habar berildi.

         Dürli diagonally enjamlaryň ekranlary aşakdaky ýaly göwrümdedirler:

iPhone 16 –  6.1 dýuým;

iPhone 16 Plus –  6,7 dýuým;

iPhone 16 Pro – 6,3 dýuým;

iPhone 16 Pro Max –  6,9 dýuým.

         IPhone 16 ykjam telefonlarynyň dik kamera blokly suratlarynyň eýýäm internetde peýda bolandygyny ýatladýarys.

         Apple kompaniýasynyň täze flagmanlary kuwwatly kamera bilen enjamlaşdyrylar.

Ответить