«Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýeti ýokary hilli elektrik geçirijileriniň önümçiligini alyp barýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýeti alýumin simleriniň, alýumin hem-de mis geçirijileriniň önümçiligini alyp barýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen «Ýokary hilli elektrik geçirijiler» atly makalada habar berilýär.

         «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetinde alýumin önümleriň izolirlenen hem-de izolirlenmedik görnüşleriniň öndürilmegi hojalyk jemgyýetiniň elektrik energiýasyny geçirijileriň önümçiligi boýunça alyp barýan işleriniň köpugurly häsiýete eýedigini görkezýär. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän kärhananyň dürli haryt nyşanly hem-de ölçeglerdäki ýokary hilli önümleri bu gün ýurdumyzda uly islegden peýdalanýar. Şol önümleriň iri binalaryňdyr desgalaryň gurluşyk işlerinde ulanylmagy bolsa olaryň hili babatda ykrar edilýän harytlara öwrülendigini görkezýär.

         «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýeti üstümizdäki ýyly hem ajaýyp zähmet üstünliklerine besleýär. Onuň döwrebap önümçiliginiň üpjün edilmeginde bu kärhana Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde bölünip berlen iki gektar ýerde hereket edýän elektrotehniki zawodyň mümkinçiliklerini aýratyn bellemek gerek.

         Bu ýerdäki döwrebap önümçilik geçirijilik kuwwaty 660 wolta çenli bolan alýumin geçirijileri, açyk görnüşli geçirijileri hem-de hususy gurluşlar üçin «Gerim» haryt nyşanly önümleri özünde jemleýär. Häzirki wagtda önümçilikde elektrotehniki maksatly elektrik geçirijileriň 23 görnüşi taýýarlanylýar.

         Önümçilikde ýokary hilli çig mallardan peýdalanylmagy kärhananyň iň kämil önümleri hödürlemeginiň möhüm tapgyryny emele getirýär. Zawodyň önümçilik kuwwaty her ýyl ortaça 700 tonna çenli çig maly işlemäge niýetlenendir.

         Elektrotehniki enjamlaryň gurluşyk-gurnama işleri boýunça baý tejribe toplan hususy kärhananyň elektrotehniki desgalary, ulgamlary gurmak, sazlamak we ýokary woltly synagdan geçirmek hem-de bejergi işlerini alyp barmak boýunça uly mümkinçilikleri bar.

         Häzirki wagtda «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda 130-a golaý hünärmenler zähmet çekýär. Kärhanada ornaşdyrylan Hytaý Halk Respublikasynyň kämil tehnologiýalaryndan ýokary derejede baş çykarýan şol hünärmenler işiň bökdençsiz dowam etmegi ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýlelikde, taýýar bolan önümler hil we standart barlaglaryndan geçirilýär. Diňe şondan soň, ýokary hilli önümler ýurdumyzyň bazarlaryna ýollanylýar we ýerlenilýär.

Ответить