«Marysyýahat» hojalyk jemgyýeti syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär.

«Marysyýahat» hojalyk jemgyýeti syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Döwrebap myhmanhanalryň giň toplumy» atly makalada habar berilýär.

         Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Marysyýahat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan syýahatçylyk hyzmatlary ýokary derejede ýola goýlup, bu ýerde öz işine ökde hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär. Hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýokary hilli hyzmatlar müşderilere hödürlenilip, olar iň döwrebap talaplara laýyk gelýär.

         Ilkinji nobatda, hojalyk jemgyýetiniň syýahatçylyk hyzmatlarynyň hatarynda içerki, giriş we çykyş syýahatlarynyň bardygyny aýtmak gerek. Ýokary derejede guralýan syýahatlara gyzyklylyk hem-de ýatda galyjylyk mahsus bolup, bu ýerde daşary ýurt dilleriniň ençemesinden baş çykarýan hünärmenler zähmet çekýärler. Olar ýurdumyza gelýän daşary ýurtly jahankeşdeler üçin Gadymy Merw ýadygärlikler toplumyna, Marguşyň paýtagty Goňurdepä we beýleki ýerlere täsirli syýahat guraýarlar. Şeýle-de hojalyk jemgyýetine ýüz tutmak arkaly Ýewropanyň we Aziýanyň ençeme döwletlerine syýahat etmek mümkin. Mundan başga-da, bu ýerde syýahatçylyk bilen bagly zerur hyzmatlaryň ençeme toplumy hödürlenilip, munuň özi müşderileriň sanynyň barha artmagyna getirýär.

Syýahatçylyk hyzmatlary hödürlenilende, gezelençlere gatnaşyjylaryň medeniýetli dynç alşyny guramak esasy wezipeleriň biri bolup, şunuň bilen baglylykda, bu hojalyk jemgyýetiniň aýratyn tapawutlanýandygyny aýtmak bolar. Çünki kärhana degişli iki gatly binadan ybarat bolan myhmanhana hem-de döwrebap restoran Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşip, bu ýerde hyzmat ediş ulgamyna degişli işleriň giň toplumy üçin zerur şertler döredilipdir.

         Anyk mysallara ýüzlensek, myhmanhananyň otaglary 30-dan gowrak bolup, olaryň bir we iki orunlyk bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle-de bu otaglaryň arasynda maşgalalar üçin niýetlenilenleri hem bolup, olarda bagtyýar maşgalalaryň ençemesi ýylyň dürli möwsüminde göwnejaý dynç alýarlar. Otaglaryň ählisi-de ýokary hilli mebeller bilen üpjün edilip, olara suw, ýylylyk ulgamlary ornaşdyrylypdyr. Munuň özi ýaşaýyş-durmuş üçin zerur bolan hajatlaryň bu ýerde göz öňünde tutulandygyny tassyklaýan hakykatdyr.

«Marysyýahat» hojalyk jemgyýeti barada gürrüň edilende, kärhananyň döwrebap restoranynyň hereket edýändigini ýatlamak gerek. 50 orunlyk restoran Mary welaýatynyň çäginde dynç alşy täsirli geçirmek üçin oňat hem-de gelim-gidimli ýerleriň biridir. Çünki nahar sanawnamasy örän baý bolan restoranyň aşhanasynyň agramly bölegini milli we dünýä aşhanasynyň tagamlary düzýär. Ol tagamlar örän datly bolup, bir gezek dadanyň ýadyndan çykmaýar.

         Şeýle-de hojalyk jemgyýetine degişli myhmanhananyň müşderileri kafeniň, gözellik salonynyň we internet hyzmatynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärler. Kämil myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemek boýunça täze-täze tejribeleri öwrenýän we özleşdirýän «Marysyýahat» hojalyk jemgyýetiniň agzybir hünärmenleri myhmanlara hyzmat etmek medeniýetini ýokary derejede ýerine ýetirmegiň özleri üçin baş wezipedigini nygtaýarlar

Ответить