Telekeçi «Her gün» hem-de «Mermer» haryt nyşanly peýnirleriň tagamlylygynyň syryny mälim etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Alym Joraýew öz önümçiligine degişli bolan «Her gün» hem-de «Mermer» haryt nyşanly peýnirleriň tagamlylygynyň syryny mälim etdi. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 4-nji sahypasynda neşir edilen «Önümçilikde çig mala üns berilýär» atly makalada habar berilýär.

         — Peýnir ynsan saglygy üçin örän peýdaly hem-de iýmek we dürli işdäaçarlara goşmak üçin ýakymly süýt önümi bolup, biz onuň «Amyderýa», «Abiwerd», «Altyn peýnir» ýaly görnüşlerini öndürýäris. Peýnirlerimizi 200 we 245 gram, 4 we 8 kilogram agramdaky ýörite gaplara ýerleşdirip, «Her gün» hem-de «Mermer» haryt nyşanlary bilen müşderilerimize hödürleýäris.

Alyjylaryň önümlerimiziň ýokary hil derejesine eýedigini bellemekleri bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Peýnirleriň tagamlylygynyň syrlaryny soranlarynda, biz, ilkinji nobatda, önümiň çig malyna ünsi çekýäris. Sebäbi çig malyň tebigy hem-de tagamly bolmagy önümi hilli taýýarlamagyň ilkinji şertidir. Şunuň bilen baglylykda, ýörite maldarçylyk toplumymyzyň hereket edýändigini aýtmak isleýärin. Bu ýerde ýerli tohuma degişli bolan gara mallaryň 150-ä golaý baş sanyny idedip, olardan her günde alýan ýagly hem-de ekologiýa taýdan arassa süýdümizi önümçilikde peýdalanýarys — diýip, telekeçi gürrüň berýär.

         Telekeçä degişli hususy önümçilik kärhanasy Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Awçy geňeşliginde ýerleşýär. Bu ýere daşary döwletleriň kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylyp, süýt we süýt önümleriniň, hususan-da, dürli görnüşli peýnirleriň önümçiligi ýokary derejede alnyp barylýar. Çünki telekeçi ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant goşmagy, raýatlarymyzyň dürli görnüşli süýt önümlerine bolan ösen islegini kanagatlandyrmagy öz öňünde baş maksat edip goýupdyr.

         Şoňa görä-de, bu ýerde «Her gün» haryt nyşany bilen peýnir, gaýmak, gatyk, dorag ýaly islegli süýt önümleri öndürilip, olaryň hil derejesiniň ýokary bolmagynda kärhananyň 20-ä golaý işçi-hünärmenleriniň mynasyp paýy bardyr. Esasy bellemeli zat, hususy önümçilik kärhanasynda peýniriň önümçiligine aýratyn üns berlip, ol dürli görnüşlerde taýýarlanylýar.

         Telekeçi Alym Joraýew şunuň bilen birlikde, maldarçylyk toplumynda ownuk mallaryň — goýun-geçileriň umumylykda 250-ä golaý baş sanyny idedýändiklerini, şeýle-de ýörite guşçulyk toplumynda ýumurtga ugurly towuklaryň 500-e golaýyny saklaýandyklaryny buýsanç bilen gürrüň berýär. Munuň özi telekeçiniň öňde goýulýan wezipelere üstünlikli jogap bermek ugrunda tutanýerli zähmet çekip, üstünlikleri gazanýandygyny subut edýär.

Ответить