Astrahan alymlary Berş atly balyk gözleýän roboty oýlap tapdylar

Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň alymlary Berş atly balyk gözleýän roboty oýlap tapdylar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen «Suwda balyk gözleýän robot» atly makalada habar berilýär.

         Tehnologiýa balyk gözleýär we olary iýmitlendirýär. Ol suwuň düýbüni kartalaşdyrýar, kölüň ýüzünde hem-de astynda gözleg işlerini alyp barýar we surata düşürýär. Robot ownuk ýükleri degişli nokatlara ýetirip biler.

         Enjam kiçijik hereketlendirijili gaýyga meňzeýär. Uzakdan dolandyryş mümkinçiligi onuň işini kenardan ýa-da gämiden utgaşdyrmaga ýardam berýär. Berş diýseň durnukly: güýçli şemallar we uly tolkunlar hem oňa täsir edip bilmeýär. Tehnologiýa gamyşlardan parran geçer. Suwotular hem onuň ýalňyşlyga ýol bermegine sebäp bolup bilmez.

         Robot höwesjeň ýa-da ussat balykçylaryň, balykçylyk kärhanalarynyň hem-de suw astynda gözlegleri amala aşyrýan hünärmenleriň ýakyn ýardamçysy bolar.

Ответить