Perm ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri şöhle bilen däneli ekinleriň ösüş derejesini ýokarlandyrdylar

Işlerini oba hojalygynyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrýan Perm ylmy-barlag institutynyň agrobiofotonika tejribehanasynyň wekilleri däneli ekinleriň tohumlaryny kombinirlenen şöhle bilen gaýtadan işlemegiň usulyny oýlap tapdylar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen «Hasyly artdyrýan şöhle» atly makalada habar berilýär.

         Aslynda, şöhle täsiriniň işjeňliginiň 1970-nji ýyldan bäri öwrenilýändigini bellemek gerek.

         Tohumlar ultramelewşe, gyzyl we infragyzyl ulgam bilen şöhlelendirilýär. Bu däne ekinleriniň ösüş derejesini ýokarlandyrýar. Şöhle bilen gaýtadan işlemek himiki bejerginiň derejesini-de azaldýar.

         Resmileşdirilen usul eýýäm bugdaý, arpa we güýzlük çowdary tohumlarynda synagdan geçirildi. Geljekde synaglaryň gerimini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär.

         Bu usul haýsy meseleleri çözýär? Kombinirlenen şöhläniň täsiri bilen bejermek tohumyň gögeriş derejesini 22% ýokarlandyrýar we ösümlik keselleriniň ýaýramagyny 21% azaldýar. Munuň özi himiki serişdeleri ulanmagyň zerurlygyny peseldýär we hasyllylygy ýokarlandyrýar.

Ответить