Tomus dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähmiýetli milli web saýtlar

Tomus dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähmiýetli milli web saýtlar esasan turkmenmetbugat.gov.tm, medeniyet.gov.tm, turkmentv.gov.tm we  dovletkitaphana.gov.tm web saýtlarydyr. Geliň, bu milli saýtlaryň hersiniň ähmiýeti barada aýratynlykda durup geçeliň.

         turkmenmetbugat.gov.tm — Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň saýty. Bu ýerde ýurdumyzda neşir edilýän gazetlerdir žurnallaryň elektron görnüşi goýulýar. Saýtda makalalardyr habarlar «Garaşsyzlyk», «Bitaraplyk», «Resmi habar», «Syýasat», «Hyzmatdaşlyk», «Ykdysadyýet», «Jemgyýet», «Medeniýet», «Miras», «Edebiýat», «Ylym», «Bilim», «Syýahatçylyk», «Taryh», «Sport», «Saglyk», «Maşgala», «Tehnologiýa», «Oba hojalyk», «Tebigat», «Ekologiýa», «Haýwanat dünýäsi», «Telekeçilik», «Bildirişler, bäsleşikler» atly bölümler boýunça ýerleşdirilýär. Bu saýtyň esasy artykmaçlygy okyjylar eýýäm gije sagat 00:00-da ertirki neşiriň PDF görnüşini öz şahsy el telefonyna ýa-da kompýuterine ýükläp bilýändiginden ybarat. Saýt öz işini «türkmenmetbugat» mobil goşundysy arkaly ýerine ýetirýär. Bu platformada ildeşlerimiz her günki täzeligi gyzgyny bilen okap, tanşyp bilýärler. Okyjylar bu goşundy arkaly «Merkezi gazet-žurnallara we welaýat gazetlerine», «Pudaklaýyn dolandyryş we beýleki edaralaryň garamagyndaky gazet-žurnallara» abuna ýazylyp bilýärler. «Türkmenmetbugat» işe başlan gününden bäri ýurdumyzda neşir edilen gazet-žurnallary PDF nusgasynda öz «ýadynda» saklaýar.

         medeniyet.gov.tm — Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýty. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu sahypada ýurdumyzyň medeniýetde, sungatda, edebiýatda gazanýan üstünlikleri gyzgyny bilen şöhlelendirilýär. Saýt öz işini «Ministrlik barada», «Türkmenistanyň kanunçylygy», «Habarlar», «Edebiýat äleminde», «Döredijilik dünýäsi», «Anons», «Media» ýaly esasy bölümlerde, şeýle hem «Soňky habarlar», «Konsertler», «Teatr we kino dünýäsi», «Halkara medeni gatnaşyklar», «Muzeýler», «Kitaphanalar», «Taryhy ýadygärlikler», «Medeni miras», «Syýahatçylygyň mekany» ýaly goşmaça bölümçelerde alyp barýar. Şeýle bölümler arkaly ýurdumyzda gündelik bolup geçýän medeni täzeliklerdir habarlar; bu ulgam hakynda Türkmenistanyň Kanunlary; medeniýet babatda kadalaşdyryjy hukuk namalar; edebiýat äleminiň syrlary; ýazyjy-şahyrlaryň birnäçesi barada maglumat alyp bolýar.

         turkmentv.gov.tm — Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň saýty. «Mahabat», «Göni ýaýlym», «Hazyna», «Multfilmler», «Radio», «Biz barada», «Ýörite bölüm» ýaly esasy bölümleri hem-de «Redaktoryň saýlany», «Makalalar», «Kinofilmler», «Dokumental filmler», «Telegepleşikler», «Radiogepleşikler», «Çagalar üçin», «Sport», «Syýahatçylyk», «Aýdym-saz klipleri» ýaly goşmaça bölümçeleri özünde jemleýän bu sahypa ulanyjylaryň işjeň hyzmatynda. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň «Altyn asyr: Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Miras», «Türkmenistan», «Türkmen owazy», «Aşgabat», «Türkmen sporty» teleýaýlymlaryna tomaşa etmek, «Watan», «Çar tarapdan», «Miras», «Owaz» radioýaýlymlaryny diňlemek mümkinçiligi döredilen. Şu ýerde eziz ildeşlerimiziň bu saýta ýörite agza bolup bilýändigini hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär okuw mekdebi barada maglumatlaryň ýerleşdirilendigini ýatlatmak isleýäris. Ulanyjylar şeýle artykmaçlyklardan daşary tele we radioýaýlymlarda mahabat goýbermek üçin hödürlenilýän hyzmatdan hem peýdalanyp biler.

         dovletkitaphana.gov.tm — Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň saýty. Bu kitaphanada geçirilýän çäreler, baýramçylyk duşuşyklary, medeni ojagyň bölümleri, bar bolan kitaplar barada bilesi gelýän kitapsöýüjileriň işi indi ep-esli ýeňledi. Smartfon ýa-da noutbuk arkaly internete baglanyp, bu baş kitaphananyň maglumatlaryny aýnada ýaly synlap oturmaly. Web sahypa gireniňde, «Biziň kitaphanamyzda özüňizi gyzyklandyrýan kitaby tapyp bilersiňiz» diýen ruhlandyryjy jümlä gözüň düşýär. Onda «Baş sahypa», «Biz barada», «Ruhy hazyna», «Bölümler», «Täzelikler», «Habarlaşmak» atly esasy bölümlere hem-de «Kitaplary elektron görnüşe geçirmek», «Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar», «Sungat», «Seýrek neşirler», «Patent tehniki edebiýatlar», «Kitap saklanýan», «Medeni köpçülikleýin işleri» atly goşmaça bölümlere duş gelýärsiň. Bu saýtyň beýleki mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin, oňa kitapsöýüjileriň özleriniň girip görmekleri ýeterlikdir.

Bellik: Habar «Watan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 16-njy iýulyndaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Mümkinçilikler döredijilikli peýdalanylýar» atly makalanyň esasynda taýýarlanyldy.

Ответить