«Galkynyşda» ýene-de bir guýy her gije-gündizde 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär.

«Galkynyş» gaz känindäki 236-njy belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 563 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4 müň 509 4 müň 363 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi — 126 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär. Bu barada habarçy Sapardurdy Ýaýlyýewiň «Nebit-gaz» gazetiniň 2024-nji ýylyň 16-njy iýulyndaky sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen ««Galkynyşda» ýene-de bir guýy önüm berdi» atly makalasynda beýan edilýär.

         Bu işler milli hünärmenlerimiz tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirildi. Gazanylan zähmet üstünliginde halypa burawlaýjylar bilen birlikde ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap, ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, işleri çalt depginde, ýokary hilli ýerine ýetirmäge, şeýlelikde, guýularyň uzak wagtlap işlemegine şert döredýär.

         Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary netijesinde bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde hem «Galkynyş» gaz käniniň geologik we tehniki häsiýetlerine laýyk gelýän Ýaponiýanyň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, «Kameron» kompaniýasynyň çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary giňden peýdalanyldy. Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz känindäki guýularyň görkezijileri, bir tarapdan, öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriniň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan, tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri halkara maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar. Häzirki wagtda konserniň gazçylary bir wagtyň özünde «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy, 253-nji, 260-njy, 265-nji, 283- nji belgili ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini meýilnama laýyklykda üstünlikli alyp barýarlar.

— Gazçylarymyzyň gazanan şu zähmet üstünligine aýry-aýry işgärlerimiz has-da saldamly goşant goşdular. Olardan guýularda synag ediş toparynyň ýolbaşçysy Baba Babaýewiň, burawlaýjylar Batyr Orazowyň, Begmyrat Hasanowyň, Mekan Hojaýewiň, burawlaýjynyň kömekçisi Hoşgeldi Çaryýewiň we beýlekileriň atlaryny görkezmek bolar — diýip, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň baş geology Muhammet Saparmyradow «Nebit-gaz» gazetiniň habarçy Sapardurdy Ýaýlyýew bilen bolan söhbetdeşliginde gürrüň berýär.

Ответить