«Мir» töleg ulgamy Mýanma Bileleşigi Respublikasynda işe girizildi

Mýanma Bileleşigi Respublikasyndaky käbir restoranlarda we söwda merkezlerinde «Мir» töleg ulgamy işläp başlady. Bu barada TASS habar berýär

Russiýanyň Mýanma BileleşigiRespublikasyndaky ilçihanasy «Мir» töleg ulgamynyň işe girizilendigini tassyklady. Diplomatik: «Bu çäräniň syýahatçylaryň gelmegine oňyn täsir etjekdigine we rus raýatlarynyň bu ýurtda rahatlygyny üpjün etjekdigine garaşýarys»  – diýip belledi.

         Şeýlelikde, «Мir» töleg ulgamy eýýäm 13 sany ýurtda işleýär. Müsür, Eýran we Mawritis hem «Мir» töleg ulgamyna goşulmagy meýilleşdirýär

         Mundan ozal hem, Mýanma BileleşigiRespublikasynyň hökümeti öz ýurduna has köp rus syýahatçysyny çekmek isleýärdi we munuň üçin ýörite maksatnama düzýärdi. Meşhur Aziýa döwletleriniň banklary eýýäm SWIFT-iň rus analogyna birikdirildi.

Ответить