Mask Trampa her aý 45 million dollar goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Amerikaly milliarder Ilon Mask ABŞ-nyň Prezident saýlawyna ýurduň Respublikaçylar partiýasyndan dalaşgär Donald Trumpa saýlaw kampaniýasynyň çäginde örän uly möçberde maliýe goldawyny berdi. Bu barada «The Wall Street Journal» neşiri habar berdi.

         Neşiriň maglumatlaryna görä, Mask her aý 45 million dollar goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu haýyr-sahawat goldawy «Аmerica PAC» guramasynyň üsti bilen amala aşyrylar. «Bloomberg» agentligi mundan ozal Maskyň bu gurama köp mukdarda pul peşgeş berendigini habar berdi.

         «Аmerica PAC» guramasy Trampyň saýlaw kampaniýasy bilen gönüden-göni baglanyşykly däl, ýöne saýlaw kampaniýalaryna gatnaşýar we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite maglumatlary ýerleşdirýär. WSJ-iň habaryna görä, «Аmerica PAC» guramasy şeýle hem, ýurduň ştatlarynyň çet künjeklerindäki saýlawçylary hasaba alýar we olar üçin möhletinden öň ses berişligi gurnaýar.

«Bloomberg» agentliginiň habaryna görä, Mask ABŞ-nyň eks-prezidentine elektrik awtoulaglary we kriptowalýutalar barada hem maslahat berýär.

Ответить