Täjigistan BMG-ä agza ýurtlary Duşanbede geçiriljek halkara konferensiýasyna çagyrdy

Täjigistan, BMG-ä agza ýurtlaryň ähli wekillerini 2025-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçiriljek buzluklary gorap saklamak meselesi boýunça konferensiýasyna çagyrdy. Bu barada şu gün «aniq.uz» web neşiri habar berdi.

         Nýu-Yorkorkda geçirilen durnukly ösüş boýunça syýasy forumda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Hokim Halikzoda bu barada aýratyn durup geçdi. Ol:«Siziň hemmäňizi geljek ýyl Täjigistanda geçiriljek buzluklary gorap saklamak boýunça halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýaryn. Bu konferensiýa, BRM–13-iň (BMG agza ýurtlaryň howanyň üýtgemegine garşy durnukly ösüş maksadyny) durmuşa geçirilmegine goşant goşmak  we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy platforma bolar» – diýip belledi.

         Halikzoda 2024-nji ýylda Duşanbe şäherinde suw meselesi boýunça konferensiýanyň geçirilendigini we netijeleriniň bu forumyň çäginde BMG-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen paralel çärede hödürlenendigini ýatlatdy. «Täjigistan, dünýä derejesinde howa we suw meselelerini işjeň ösdürýän ýurt hökmünde durnukly ösüşiň 6-njy maksadynyň (hemmeler üçin suw baýlyklaryny we arassaçylygy üpjün etmek we oýlanyşykly peýdalanmak) we 13-nji maksadyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmagy dowam etdirer» – diýip Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary aýtdy.

         Täjigistan buzluklary gorap saklamaga uly üns berýär, sebäbi olar ýurduň suw baýlyklarynyň köpüsini üpjün edýär. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ozal belleýşi ýaly, soňky onýyllyklarda ýurtdaky 13 müň buzlukdan müňüsi doly eredi. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 77-nji sessiýasynda Täjigistanyň buzluklary gorap saklamak baradaky halkara başlangyjyny biragyzdan goldap, ýörite Kararnama kabul etdi. Bu Kararnama laýyklykda 2025-nji ýyl «Halkara buzlary goramak ýyly» diýlip yglan edildi we indiki ýyl Duşanbe şäherinde buzluklary gorap saklamak meselesi boýunça halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Ответить