Ýewropa «Emeli aň hakynda» kanun kabul etdi

Ýewropa «Emeli aň hakynda» kanun kabul etdi. Bu barada şu gün «aniq.uz» web neşiri habar berdi.

         Iki ýyllap dowam eden ara alyp maslahatlaşmadan soňra Ýewropa Bileleşigi neýron ulgamlary we emeli aň bilen işleýän kompaniýalaryň işini kadalaşdyrýan «Emeli aň hakynda» kanuny kabul etdi.

         Kanun 2024-nji ýylyň 1-nji awgustynda güýje girer we ony durmuşa geçirmegiň möhleti 2025-nji ýylyň 2-nji fewralyna çenli kesgitlenildi.

         Ara alyp maslahatlaşma iki ýyllap dowam etdi. Netijede emeli aňy döredijiler üçin anyk talaplar ýüze çykdy.

         Kanun, raýatlaryň hukuklaryna howp salýan ýagdaýlarda tehnologiýany ulanmakda çäklendirmeler girizýär.

         Bu kanuna görä, milletine ýa-da dinine esaslanýan biometrik toparlama (klassifikasiýa), şeýle hem onlaýn ýüz keşbini we gözegçilik kamerasynyň suratlaryny almak üçin emeli aň ulanýan programmalar gadagandyr.

         Işläp düzüjiler öz işlerinde iň ýokary aç-açanlygy üpjün etmek üçin neýron ulgamlarynda taýýarlanan maglumatlary görkezmeli we awtorlyk hukugyna hormat goýmalydyr.

         «Emeli aň hakyndaky» kanunyň bozulan ýagdaýlary üçin hem Ýewropada bu kanun esasynda jerime göz öňünde tutulandyr.Ýewropada hereket edýän kompaniýalar «Emeli aň hakyndaky» kanuny bozan ýagdaýynda 35 million ýewro çenli jerime, gadagan edilen emeli aň görnüşlerini öz işinde ulanan ýagdaýynda kompaniýanyň ýyllyk girdejisiniň 7 göterimine çenli jerime tölemegi kanun esasynda berkidilendir.

Ответить