Ženewada NATO-nyň ofisi açylýar

NATO we Şweýsariýa Ženewada ol ýerde ýerleşýän halkara we hökümete dahylsyz guramalar bilen hyzmatdaşlyk üçin bileleşigiň wekilhanasyny açmak barada şertnama baglaşdy. Bu barada Şweýsariýa hökümetiniň web sahypasynda habar berildi.

         Şertnama Şweýsariýanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara hukuk müdirliginiň başlygy Frans Perret we NATO-nyň hukuk meseleleri boýunça býurosynyň direktory Sworde gol çekdi.

Ответить