Ženewada Ýewraziýa Patent Guramasynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler guraldy

Ženewada geçirilýän Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisi bilen utgaşyklykda Ýewraziýa Patent Guramasynyň (EAPO) 30 ýyllygyny bellemek boýunça  guralan çärelere türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Halkara giňişlikde» atly rubrikanyň «Türkmen wekiliýeti WIPO-nyň mejlisinde» atly täzeliginde habar berilýär.

         Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan ilkinji bolup EAPO-nyň Konwensiýasyna goşuldy we häzirki wagtda guramanyň Administratiw geňeşinde başlyklyk edýär.

         Ženewada bolýan türkmen wekiliýetiniň agzalary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, «Türkmenistanda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» ileri tutulýan ugurlar babatda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ответить