Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi Owganystanda ilçihanalaryny gaýtadan açmak mümkinçiligini öwrenýär

Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi Owganystanda ilçihanalaryny gaýtadan açmak we şeýlelik bilen Talyban hereketini ykrar etmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär.

         Ýewropaly diplomatyň pikiriçe, Brýusseliň işgärleri Owganystanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak we sebitde strategiki gatnaşygy döretmek üçin diplomatik wekilhanalary açmagyň zerurdygyna düşünip başladylar. Agentligiň habaryna görä, Owganystanda diňe Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy işleýär we käbir Ýewropa ýurtlary Talyban häkimiýet başyna gelenden soň öz ilçihanalaryny ýapdy.

         Hususan-da, Italiýa Owganystandaky ilçihanasyny açmagy göz öňünde tutýar. Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Tajani öz ýurdunyň Katardaky ilçisiniň ýakynda Kabula baryp görendigini aýtdy. Ol Waşingtonda geçirilen NATO sammitiniň çäginde  «Bloomberg» agentliginiň habarçysyna beren beýanatynda:  «Biz munuň üstünde işleýäris.  Meseläni çözmek gaty kyn» – diýip belledi.             

         Ispaniýanyň Owganystandaky ilçisi häzirki wagtda howpsuzlyk nukdaýnazaryndan Katarda işleýär. Ýöne muňa garamazdan, Ispaniýa ýakyn wagtda Kabul şäherinde ilçihanasyny gaýtadan açmak üçin diýseň uly tagala edýär. Madrid, Fransiýa, Angliýa, Germaniýa ýurtlar hem öz ilçilerini Kabul şäherine mümkin boldugyça gysga wagtda gaýtarmagy meýilleşdirýärler.

Ответить