Baýden ABŞ-nyň Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekilmeginiň mümkindigini aýtdy

Amerikanyň häzirki döwlet baştutany Jozef Baýden BET teleýaýlymyna beren beýanatynda saglyk ýagdaýyny lukmançylyk barlagyndan geçireninde lukmanlar özünde bir kemçiligiň bardygyny ýüze çykarsa, ABŞ-nyň Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekiljekdigini aýtdy.

         «CBS News» neşirinde beýan edilişine görä, Jozef Baýden:  «Eger haýsydyr bir kesel bar bolsa, lukmanlaryň biri maňa saglyk ýagdaýyňyzda kemçilik bar diýse, ABŞ-nyň Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekiljek» — diýipdir. Ol şonda özüniň: «Garrylyk – paýhaslylyk» diýen şygaryndan ugur alýandygyny aýdypdyr.

         Ondan öň saglyk ýagdaýy barada aýdylanda goşmaça barlag gerek däldigini, eger lukmanlar talap etse taýýardygyny aýdypdy.

         Baýden Tramp bilen teleýaýlymda geçirilen maksatnamalaýyn çykyş bäsleşiginde ýeňileninden soň, demokratlaryň arasynda Prezidentlige başga bir dalaşgär görkezmek çagyryşy artdy.

         Dalaşgärleriň arasynda geçirilmeli saýlawdan öňki ikinji maksatnamalaýyn çykyş telebäsleşigi 10-njy sentýabrda meýilleşdirilýär. ABŞ-nyň Prezident saýlawy 5-nji noýabrda geçiriler.

Ответить