Amangeldi Rähşa eýranly türkmen / Söýüň Magtymgulyny (goşgy)
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bagyşlanýar.
Ulusyny sylan baý bolar, ölüsini sylan beg bolar.
Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan ýeg.(Nakyl)
Söýüň Magtymgulyny
Sözi göwne jaý bolar
Alymlara taý bolar
Türkmen aýdar baý bolar
Sylaýanlar ulyny
Söýüň Magtymgulyny
Geçmişimiz ýat edip
Göwnümiz abat edip
Pata bilen şat edip
Öwliýäni ölini
Söýüň Magtymgulyny
Sadadyr pukaradyr
Oruny ýokarydyr
Hywadyr buharadyr
Tapyp bilsek ýoluny
Söýüň Magtymgulyny
Tapylmaz taý deňinde
Tireleriň jeňinde
Zalymlaryň öňünde
Sermän asla guluny
Söýüň Magtymgulyny
Birleşdirip ilini
Sözläp türkmen dilini
Wasp edip öz gülüni
Ol meňli söýgülini
Söýüň Magtymgulyny
Gurup Türkmen binasyn
Bir akylly dana sen
Bilmedim men näme sen
Bir Allanyň guluny
Söýüň Magtymgulyny
Bir suprada aşymyz
Tireler gardaşymyz
Jem bolupdyr başymyz
Gurup türkmen ilini
Söýüň Magtymgulyny