Azerbaýjan Ýewropa gaz üpjünçiligini iki esse artdyrar

Bakunyň energiýa pudagynda döreden strategiki hyzmatdaşlygy, 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropa iberilýän gazyň mukdaryny iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýar. «Minval» Telegram ýaýlymynyň habar berşi ýaly, bu barada Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew 2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Oksfordda geçirilen Ýewropa syýasy bileleşiginiň IV sammitinde eden çykyşynda belläp geçdi.

         Azerbaýjan Lideri Ylham Alyýew öz çykyşynda: «2021-nji ýylda Ýewropa yklymyna gaz üpjünçiliginiň mukdary ýylda 8 milliard kub metr bolan bolsa, şu ýyl bu görkeziji 13 milliard kub metre ýeter. 2021-nji ýylda eksportyň umumy mukdary 18 milliard kub metr bolan bolsa, şu ýyl bu görkeziji 25 milliard kub metr bolar. Eksportyň ýarysyndan gowragy Ýewropa gidýär» –  diýip nygtamak bilen, öz ýurdunyň energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn ünsi çekdi.

Ответить