Russiýa, Eýran, Gazagystan we Türkmenistan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada ylalaşdylar

         Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri 2024-2025-nji ýyllarda «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar bölegini ösdürmek üçin «Ýol kartasyna» gol çekdiler. Bu barada «ТАСС» habarlar agentligi habar berdi.

         «ТАСС» habarlar agentliginiň Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi, 2027-nji ýyla çenli «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ýük geçirijiligini ýylda 15 million tonna, 2030-njy ýyla çenli bolsa ýylda 20 million tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik döreder.

         Russiýa, Eýran, Gazagystan we Türkmenistan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar bölegini Hindi ummanyna çykyş üçin iň ygtybarly ýoldugyny göz öňünde tutup, onuň ösüşine işjeň gatnaşmak isleýär. Bu ugur sanalan ýurtlaryň çäginden geçýär.

         Bu resminama Aktau şäherinde Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Belarusiýanyň, Yragyň, Eýranyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Omanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesine bagyşlanyp geçirilen ilkinji forumda gol çekildi.

Ответить