Hytaý Russiýadan LNG satyn almalaryny azaltdy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýadan Hytaýa suwuklandyrylan gaz üpjünçiligi takmynan 9,2 göterim azaldy diýip, TASS Hytaýyň resmi maglumatlaryna salgylanyp ýazýar.

         2024-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Hytaý Russiýadan takmynan iki milliard dollar pul serişdesine 3,5 million tonna suwuklandyrylan tebigy gaz satyn aldy.

         Şol bir wagtyň özünde, umumy nebit üpjünçiligi 4,8 göterim artyp, 55,1 million tonna ýetdi, bu bolsa takmynan 33 milliard dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde, ozal habar berşimiz ýaly, deňiz arkaly ýük daşamak azaldy.

Ответить