Tomus paslynda bedeniň sagdyn bolmagy üçin berjaý etmeli düzgünler we iýmit kabul ediş kadalary

Her bir paslyň öz aýratynlygy bolýar. Tomus pasly babatda hem şeýledir. Bu pasylda berjaý etmeli düzgünler we iýmit kabul ediş kadalary bar. Bedeniň sagdyn bolmagyny üpjün etmek üçin howa aýratynlygyna üns bermeli. Bilşimiz ýaly, tomusda yssy, gyzgyn, güneşli howa köp bolýar, howanyň derejesi üýtgäp durýar. Bu bolsa adama täsir edýär. Gün şöhlesi D witaminini emele getirýär. Gün adamyň immun ulgamyny gowulandyrýar, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Ýöne Günüň aşagynda köp durmak hem zyýanlydyr. Şonda Gün urma hadysasy bolup geçýär. Ol howanyň gaty gyzmagy, Gün şöhleleriniň ýitileşmegi netijesinde ýüze çykyp bilýär. Şunuň bilen baglylykda, adam işlände, dynç alşa gidende, suwa düşende, Günüň ýiti şöhlesiniň täsirinden goranmalydyr. Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin amatly wagt ir säher sagat 6-dan 9-a çenlidir. Günortan açyk Günüň astynda gezmek maslahat berilmeýär. Kelläňe başgap geýmegi, gözüňe Gün şöhlesinden goraýan äýnek dakynmagy, saýawan ulanmagy ýatdan çykarmaly däl.

         Tomus paslynda iýmit kadalaryny berk berjaý etmek zerurdyr. Iýmit sanawynda balyk, et, gök we bakja önümleri, gök otlar, miweler bolmalydyr. Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny içmeli. Aýran, mineral içgiler, miwe şireleri suwsuzlygyňy gandyrmakda peýdalydyr.

Tomusda deňizde suwa düşmek möwsüminiň başlanýandygy sebäpli derýalarda, deňizde suwa düşmegiň düzgünlerini berk berjaý etmek gerek. Günüň has gyzýan wagtynda suwa düşmek maslahat berilmeýär. 

Ответить