«Mastercard» Özbegistanda galtaşyksyz töleg ulgamyny ösdürmäge ýardam eder

«Biznes reklama» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky №30 (1337) sanynyň 8-nji sahypasynda neşir edilen ««Mastercard» Özbegistanda» atly makalanyň maglumatyna görä  «Mastercard» Özbegistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda galtaşyksyz töleg ulgamyny ösdürmäge ýardam eder. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Denis Filippow mälim etdi.

         Kompaniýa özbegistanlylara «Mastercard» bilen galtaşyksyz tölegler amala aşyrylanda birnäçe höweslendiriji ýeňillikleri ýola goýdy. Meselem, ýurduň esasy 10 şäherinde jemgyýetçilik ulaglaryna «Mastercard» bilen galtaşyksyz görnüşde töleg edilse, ýol nyrhy 1 müň soma çenli arzanlaýar.

Ответить