Özbegistan daşary söwda dolanyşygynda iň işjeň 10 ýurdy mälim etdi
Özbegistan 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda daşary söwda dolanyşygynda iň işjeň 10 ýurdy mälim etdi. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.
Özbegistanyň Statistika gullugynyň deslapky maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistan Respublikasynyň daşary söwda dolanyşygynda uly paýy bolan hyzmatdaş ýurtlar esasan şu aşakdakylardyr:
1. Hytaý — 5,9 milliard ABŞ dollary.
2. Russiýa — 5,7 milliard ABŞ dollary.
3. Gazagystan — 1,9 milliard ABŞ dollary.
4. Türkiýe — 1,4 milliard ABŞ dollary.
5. Koreýa — 1,1 milliard ABŞ dollary.
6. Türkmenistan — 614,2 mln ABŞ dollary.
7. Fransiýa — 563,4 million ABŞ dollary.
8. Germaniýa — 506,3 mln ABŞ dollary.
9. ABŞ — 463 mln
10. Owganystan — 461,4 mln