Mask: Men Trampa aýda 45 million dollar berjekdigimi aýtmadym

Amerikaly işewür Ilon Mask ABŞ-niň Prezidentligine dalaşgär Donald Trampyň saýlaw kampaniýasyny goldaýan «Amerika PAC» syýasy işjeňlik komitetine aýda 45 million dollar bermek niýetiniň ýokdugyny aýtdy. Ondan öň habar beriş serişdeleri «SpaceX» kompaniýasyny esaslandyryjynyň Respublikan partiýasynyň saýlaw kampaniýasyny maliýeleşdirmek meýilnamalary barada habar berdiler.

         «Men Trampa aýda 45 million dollar berjekdigimi aýtmadym. Bu dogry habar däl» — diýip, Mask ýazyjy Jordan Bernt Peterson bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

         «The Wall Street Journal» neşiriniň geçen hepde Elon Maskyň Trampa goldaw bermek üçin «Amerika PAC» syýasy işjeňlik komitetine aýda 45 million dollar bermegi meýilleşdirýändigini habar berdi.

Ответить