Gyrgyz Respublikasy paýtagtyna awtoulag bilen girmekligi tölegli edýär

Gyrgyz Respublikasynyň ýolbaşçylary awtoulag serişdelerine ýurduň paýtagty Bişkek şäherine girmek üçin töleg girizilmegini teklip edýän karar taslamasyny taýýarlady. Bu barada «24.kg» web neşiri habar berdi.        

Kararyň taslamasy tassyklanan halatynda şäher häkimligi ýollarda töleg ýygnamak nokatlaryny döreder ýa-da awtomatiki töleg ulgamlaryny gurnar. 1 müň gyrgyz somy  öňünden töleýän sürüjilere 30 göterim arzanladyş berler.

Bişkek şäheriniň ilatynyň awtoulaglary üçin töleg alynmaz.

         Gyrgyz Respublikasynyň paýtagtyndan beýleki sebitlerinde we daşary ýurtlarda hasaba alnan awtoulaglar aşakdaky ýagdaýlarda töleg tölemekden boşadylyp bilner:

  •  tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin niýetlenen harytlary daşaýan bolsa;
  • daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk guramalaryna, halkara guramalaryna we şahamçalaryna degişli bolsa;
  • tehniki ýa-da ýangyn hyzmatlary, tiz kömek we ş.m. awtoulaglar bolsa;
  • döwlet edaralaryna degişli bolsa.

         Karar taslamasynda, awtoulag Bişkek şäheriniň şaýollaryna girmän köpçülikleýin ýollarda sürüleninde hiç hili töleg alynmajakdygyny aýdýar.

         Bişkek şäherinde awtoulaglary hasaba alnan, ýöne rezident däl belgili awtoulaglary bolan adamlara awtoulaglaryny täzeden hasaba almak üçin 10 senenama güni berler.

Ответить