Hytaý Russiýa awtoulag eksportyny artdyrdy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýdan Russiýa ýolagçy awtoulaglarynyň eksporty 35,4 göterim ýokarlandy we 6,2 milliard dollar boldy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, «Interfaks» habar berdi.

         Maglumatlara görä, Hytaýdan Russiýa, birinji çärýekde 2,3 milliard dollarlyk (geçen ýyl bilen deňeşdirilende +30,7 göterim) ikinji çärýekde bolsa 3,9 milliard dollarlyk (+38,4 göterim) ýeňil awtoulag eksport edildi. Iýun aýynda Hytaýdan Russiýa iberilen möçberi 1,36 milliard dollarlyk bolup, maý aýyna garanyňda 2 göterim köpeldi we 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri bu görkeziji 1,38 milliard dollar boldy.

Ответить