«De­mok­ra­ti­ýa we hu­kuk» yl­my-ama­ly žur­na­ly­nyň no­bat­da­ky sa­ny çap­dan çyk­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan çär­ýek­de bir ge­zek ne­şir edil­ýän «De­mok­ra­ti­ýa we hu­kuk» yl­my-ama­ly žur­na­ly­nyň no­bat­da­ky sa­ny çap­dan çyk­dy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki – 25-nji iýulyndaky sanynda habar berildi.

         Türk­men, iň­lis, rus dil­le­rin­dä­ki ne­şir hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Döw­let baý­da­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň hal­ky­na ibe­ren Gut­la­gy bi­len açyl­ýar.

         Gut­lag­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, baý­ram­la­ryň baý­ram­la­ra, toý­la­ryň toý­la­ra ulaş­ýan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ösüş­ler ýo­ly bi­len be­ýik gel­je­ge ta­rap ynam­ly öňe bar­ýan mäh­ri­ban hal­ky­myz­da ýat­dan çyk­ma­jak buý­sanç­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär.

         Oky­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na «Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk» at­ly ma­ka­la hö­dür­le­nil­ýär. Ma­ka­la­nyň aw­to­ry — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýur­du­myz­da­ky il­çi­si Bea­ta Pek­sa ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek­de türk­men ta­ra­py­nyň we ÝB-niň öza­ra stra­te­gik gy­zyk­lan­ma­sy­na ün­si çek­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýet, howp­suz­lyk, sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, ulag, eko­lo­gi­ýa we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge gö­nük­di­ri­len hem-de hä­zir­ki wagt­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Hu­su­san-da, mö­hüm tas­la­ma­la­ryň top­lu­my «ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek, hu­su­sy te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak, onuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ma­ka­la­da «Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka bag­la­ny­şy­gy» at­ly se­bit mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni or­naş­dyr­mak ar­ka­ly ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu ul­ga­my kä­mil­leş­dir­mek Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr. Ol ugur­daş mak­sat­na­ma­la­ryň, şol san­da ta­lyp­la­ry we mu­gal­lym­la­ry alyş­ma­gy gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len «Eras­mus+» mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýar.

         Žur­nal­da «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi we hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri» at­ly ma­ka­la hem çap edi­lip­dir. Aw­to­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Gün­do­ga­ryň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry öz şy­gyr­la­ry­nyň üs­ti bi­len dö­wür­deş­le­ri­ne dün­ýä­niň gur­lu­şy, döw­let­ler we halk­lar, ola­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, me­de­ni­ýe­ti, ede­bi­ýa­ty, uly şä­her­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry ýe­ti­rip, halk­la­ryň ara­syn­da­ky ga­ýy­ba­na ta­nyş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ýar­dam be­rip­dir. Şeý­le­lik­de, şu ýyl ýur­du­myz­da dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­nil­ýän Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ryn­da ga­dym­dan bä­ri pa­ra­hat­çy­ly­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi, hoş­ni­ýet­li dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm gu­ra­ly bo­lup hyz­mat ed­ýän halk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ma­ka­la­da da­na Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den da­şyn­da hem giň­den meş­hur bo­lup, da­şa­ry ýurt­ly alym­lar ta­ra­pyn­dan gi­ňiş­le­ýin we çuň­ňur öw­re­nil­ýän­di­gi nyg­tal­ýar. Şa­hy­ryň öç­mez-ýit­mez eser­le­ri­niň ýy­gyn­dy­la­ry on­lar­ça di­le ter­ji­me edil­di. Oky­jy­lar, dür­li ýurt­la­ryň yl­my iş­gär­le­ri onuň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­ny, ýo­ka­ry ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ni giň­den be­ýan ed­ýän şy­gyr­la­ry­nyň üs­ti bi­len türk­men hal­ky­nyň ru­hy dün­ýä­si, däp-des­sur­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýar­lar. Bu bol­sa halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na, bi­rek-bi­rek ba­ra­da bi­lim­le­riň art­ma­gy­na, me­de­ni alyş­ma­la­ra uly go­şant goş­dy.

         «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň döw­let­li­lik ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry» at­ly ma­ka­la hem türk­men hal­ky­nyň be­ýik og­lu­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­na ba­gyş­la­nyp­dyr. Ma­ka­la­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, geç­mi­şe, hä­zir­ki döw­re, gel­je­ge çuň­ňur göz ýe­tir­me­gi ba­şa­ran şa­hyr öz şy­gyr­la­ryn­da hu­kuk döw­le­ti­niň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň bin­ýat­la­ýyn esas­la­ry­ny çe­per söz bi­len be­ýan edip­dir. Bu ýö­rel­ge­ler hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, aw­tor ma­ka­la­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň özyg­ty­ýar­ly döw­let, onuň mi­ze­mez bin­ýa­dy we gur­lu­şy ba­ra­da­ky na­za­ry-pel­se­pe­wi ga­ra­ýyş­la­ry­ny di­ňe bir alym­la­ra däl, eý­sem, ýö­ne­keý adam­la­ra-da ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, onuň goş­gu­la­ryn­da ula­nan dür­li çe­per keşp­le­ri­ne ün­si çek­ýär. Şeý­le­lik­de, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi diňe ta­ryh, ede­bi­ýat, fi­lo­so­fi­ýa, dil bi­li­mi taý­dan däl, hu­kuk yl­my nuk­daý­na­za­ryn­dan hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

         «Ha­zar deň­zi — pa­ra­hat­çy­lyk we dost­luk deň­zi» at­ly ma­ka­la­da Ha­zar deň­zi­niň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny öz­leş­dir­me­giň, ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň, onuň tä­sin bio­dür­lü­li­gi­ni go­ra­ma­gyň, Ha­zar­ýa­ka se­bit­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­ýär. Şu mak­sat­lar­dan ugur alyp, bi­ziň ýur­du­myz Ha­zar­ýa­ka döw­let­ler, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri, şol san­da BMG-niň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy, Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) bi­len oňyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär. Türk­me­nis­tan eko­lo­gi­ýa, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­lar­dan re­je­li peý­da­lan­mak ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça anyk tek­lip­le­ri öňe sür­mek bi­len, iri tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­lap, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly go­şant goş­ýar hem-de bu ugur­da yzy­gi­der­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

         Ne­şir­de «Bi­ta­rap­lyk we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy çyg­ryn­da­ky ka­nun­çy­ly­gyň ösü­şi» at­ly ma­ka­la-da ýer­leş­di­ri­lip­dir. On­da hal­ky­my­zyň ta­ry­hyn­dan we me­de­ni mi­ra­syn­dan, dün­ýä­ga­raý­şyn­dan göz­baş al­ýan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na, onuň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, dö­re­di­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­na yl­my-ama­ly taý­dan sel­jer­me be­ril­ýär. Şun­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» at­ly ki­ta­by­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi bel­le­nil­ýär.

         «Türk­me­nis­tan­da eýe­çi­lik ha­kyn­da ka­nun­çy­ly­gyň kä­mil­leş­di­ri­li­şi» at­ly ma­ka­la hem oky­jy­la­ra hö­dür­le­nil­ýär. Ma­ka­la­da ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, ony hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­kil­ýär. «Döw­let gul­lu­gy­ny gu­ra­mak çyg­ryn­da­ky tej­ri­be­ler» at­ly ma­ka­la döw­let gul­luk­çy­la­ry­ny gaý­ta­dan taý­ýar­la­mak we ola­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak işi­ni kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­si­ne ba­gyş­lan­ýar. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­ny de­ňe­çer ös­dür­mek­de, Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da bu ugur­da­ky iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar. Şun­da döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň yl­my we usu­ly­ýet bin­ýa­dy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, dün­ýä ýurt­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­niň öw­re­nil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Ma­ka­la­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk mu­ňa aý­dyň my­sal hök­mün­de gör­ke­zil­ýär.

         Ne­şir «Se­ne­na­ma» bö­lü­mi bi­len ta­mam­lan­ýar. On­da oky­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na paý­tag­ty­myz­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ra, mej­lis­le­re, okuw mas­la­hat­la­ry­na we beý­le­ki çä­re­le­re ber­len syn hö­dür­le­nil­ýär.

Ответить